Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatynyň çäklerinde giň gerimli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlylygyny beýan edýär. Bu barada Seul şäherinde Günorta Koreýanyň Daşary işler ministri Ço The Ýulyň ýolbaşçylygynda 17-nji «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Forumda eden çykyşynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi B.Durdyýew öz çykyşynda «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň çäginde Türkmenistanyň giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmaga ygrarlydygyny we ykdysadyýet, ulag-logistika, ylym-bilim, lukmançylyk, syýahatçylyk, sanlylaşdyrma we ýokary tehnologiýalar, daşky gurşawy goramak, senagat, oba hojalygy, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar ýaly pudaklarda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmeginiň geljegine ünsi çekdi.
Forumyň dowamynda ulag-logistika ulgamyndaky hem-de energiýa pudagyndaky özara gatnaşyklar, sanly özgeriş we daşky gurşaw meseleleri ýaly Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy.
Forumyň netijeleri boýunça wekiliýetleriň ýolbaşçylary Bilelikdäki Beýannamany we 2025-nji ýyl üçin Forumyň sekretariatynyň iş meýilnamasyny kabul etdiler.
Forumyň çäklerinde wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen bilelikdäki duşuşygy geçirildi.
Prezident Ýun Sok Ýol Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, şu ýylyň iýun aýynda bu ýurtlara amala aşyran döwlet saparlarynyň döwründe görkezilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny bildirdi we koreý tarapynyň saparlaryň çäklerinde gazanylan şertnamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny belledi.
Duşuşygyň barşynda «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatynyň çäginde syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga taýýarlyk tassyklanyldy.
Forumyň çäginde «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» işewürlik geňeşiniň bäşinji nobatdaky mejlisi hem geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmegiň zerurdygyny belläp, dürli pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryna garadylar.