On aýyň jemleri boýunça Türkmenistanda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy

On aýyň jemleri boýunça Türkmenistanda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy

Türkmenistanda on aýyň netijeleri boýunça jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň on aýynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabatynyň çäklerinde Hökümet mejlisinde habar berdi. 

Bellenilişi ýaly, maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, hasabat döwründe ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we sebitleriň durnukly ösüşi üpjün edildi, hususan-da, jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy.

Bu görkeziji senagat pudagynda 2,5 göterime, gurluşykda 10,9 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 6,7 göterime, söwdada 9 göterime, oba hojalygynda 5,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,6 göterime deň boldy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,8 göterim artdy.

Geçen ýylyň degişli döwrüne görä, şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda bölek satuw haryt dolanyşygy 12,5 göterim artdy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,8 göterim, çykdajy bölegi 97,7 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,5 göterim ýokarlandy.

Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 25,2 göterim artdy.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny netijeli ösdürmäge, sebitleriň durnukly ösüşini gazanmaga möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutany ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeleri durmuşa geçirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere düýpli maýa goýumlaryň netijeli özleşdirilmegini üpjün etmek üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň Garaşsyz Watanymyzyň üstünlikli ösýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi.

- Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Şolaryň hatarynda täze şäherçeler, ýaşaýyş jaýlary, dynç alyş, saglyk merkezleri, mekdepler, çagalar baglary we ençeme beýleki desgalar bar – diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993