9-njy noýabrda Türkmenistanda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasynyň çäklerinde ýurdumyz boýunça agaç nahallarynyň 539 müň 185 düýbi ekildi. Dabara Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Hökümet agzalary, diplomatik wekilhanalaryň we jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdy.
Şeýle hem seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 2 million 67 müň 630 düýp baga ideg etmek işleri geçirildi.
Döwlet Baştutany bag nahallarynyň yzygiderli ekilmeginiň ekologik ýagdaýy gowulandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigine ünsi çekip, daşky gurşawy goramak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.