TDHÇMB-niň söwdalarynda BAE-den we Türkiýeden işewürler nebit bitumyny we polipropilen satyn aldylar

TDHÇMB-niň söwdalarynda BAE-den we Türkiýeden işewürler nebit bitumyny we polipropilen satyn aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy. 

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň  telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit bitumyny we polipropileni  satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Germaniýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine boýalan tüýjümek dokma önümleri, buýan kökünden taýýarlanylan çaý içgisi, nah ýüplügi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 257 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň  işewürleri içerki bazar üçin nah ýüplügini, ýoduň spirtli erginini we pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 3 million 801 müň manatdan gowrak boldy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993