Dünýäde “arassa” energiýa we onuň infrastrukturalaryna maýa goýumlar 2024-nji ýylda iki trillion dollara barar - BMG

Dünýäde “arassa” energiýa we onuň infrastrukturalaryna maýa goýumlar 2024-nji ýylda iki trillion dollara barar - BMG

Dünýäde “arassa” energiýa we onuň infrastrukturalaryna maýa goýumlar 2024-nji ýylda iki trillion dollara barar. Bu barada BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary Saýmon Stil Bakuwda geçirilýän COP29 mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.

“Arassa energiýa we howa durnuklylygyna geçişi togtadyp bolmaz. Şonuň üçin esasy wezipe – bu prosesi üpjün eder we onuň artykmaçlyklarynyň ähli halklaryň we ýurtlaryň arasynda deň paýlanylmagyny üpjün etmek” – diýip, Stil nygtady.

Onuň aýtmagyna görä, şu ýyl hödürlenjek aýdyňlyk babatda (NDC) iki ýyllyk ýurt hasabatlary ýetilen sepgitler barada has doly maglumat berer. “Indiki ýyl ähli döwletler milli howa meýilnamalarynyň – NDC-niň üçünji neslini hödürlärler. Bulary döretmekde we olary hödürlemekde BMG howa meýilnamalarynyň kampaniýasyny başladar” – diýip, ol belledi.

Howa meseleleri dünýäde her bir adam galtaşýar, meseläniň çözülmezligi bolsa harytlaryň we elektrik energiýasynyň bahalarynyň ýokarlanmagyna, ykdysadyýetiň bäsdeşligiň peselmegine, ýene-de bir uly ählumumy durnuksyzlyga elter diýip, BMG-niň wekili ynanýar.

“Şu ýerde, Bakuwda, biz howa maliýeleşdirmesi boýunça täze ählumumy maksady ylalaşmaly. Eger-de, azyndan, dünýäniň üçden iki bölegi zyňyndylary tiz azaltmagyň hştdesinden gelip bilmese, onda her bir ýurt gymmat tölemeli bolar” diýip, Stil aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, eger-de ýurtlar ibermeleriň durnukly zynjyryny üpjün edip bilmeseler, ähli dünýä ykdysadyýeti çylşyrymly ýagdaýda bolar. “Howa maliýeleşdirmesiniň täze maksady her bir döwletiň, şol sanda iri we baý döwletleriň bähbitlerine jogap berer. Emma maksatlary ylalaşmak o diýen aňsat däl. Biz ählumumy maliýe ulgamyny özgertmek ugrunda tagallalarymyzy gaýgyrmaly däl. Ine, şu ýerde, Bakuwda biz 6-njy maddanyň üstünde işi tamamlap, halkara uglerod bazarlaryny işe girizmeli. Biz Dubaýda goýlan maksatlaryň durmuşa geçirilmegi üçin netijeleri ýeňilleşdirmek ulgamynda öňe hereket etmek gerek” diýip, ol aýtdy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993