Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti we Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasy Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler diýip, Türkmenistan Habarlar portaly habar berýär.
Gol çekmek dabarasy bu ýokary okuw mekdebinde geçirilen “Himiýada we gazhimiýada innowasion tehnologiýalarynyň geljegi” atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň çäklerinde boldy.
Gol çekilen resminamanyň esasynda nebit we gaz, geologiýa barlaglary, himiýa tehnologiýalary, sanly ykdysadyýet, şeýle hem energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri, ýaşyl energetika, howanyň üýtgemegi bilen bagly ekologiýa meseleleriniň çözgüdi ulgamlarynda bilelikdäki barlaglary we taslama işlerini giňeltmek we ösdürmek meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, professorlaryň, mugallymlaryň, hünärmenleriň we ýaş alymlaryň ylmy barlaglarynyň halkara ylmy žurnallarynda çäp edilmegini guramak bellenildi.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasynyň we Petronas tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda ylym we bilim ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ençeme ýyllaryň dowamynda alnyp barylýar.