Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisi boýunça 14 ýylda 500 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi

Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisi boýunça 14 ýylda 500 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi

Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisiniň ulanylmagynyň 14 ýyldan gowrak wagtynyň dowamynda Hytaýa 500 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi. Bu barada Sinhua agentligi PipeChina hytaý korporasiýasynyň West Pipeline Company kompaniýasyna salgylanyp habar berýär. Bu möçberdäki tebigy gaz 666 trln tonna kömrüň ulanylmagynyň barabarlygyna deňdir. Munuň netijesinde 731 mln tonna kömürturşy gazynyň zyňylmagynyň öňi alyndy.

Uzynlygy 1833 km we taslama kuwwaty ýylda 60 mlrd kub metr gaza barabar bolan turba geçiriji 2009-njy ýylda ulanyşa girizildi. Onuň gündelik maksimal gaz akdyryş möçberi 160 million kub metre deňdir.

Gaz geçiriji Hytaýyň ilkinji transmilli turbageçirijisi bolmak bilen gözbaşyny Türkmenistan bilen Özbegistanyň serhedinden alyp gaýdýar. Özbegistandan we Gazagystandan geçip, Sinzýan-Uýgur awtonom welaýatynda Horgosda Günbatar-Gündogar hytaý gaz geçirijisi bilen birleşýär.

Bu gaz geçirijisi 27 sany sebitiň 500 milliondan gowrak ilatyny we Sýangan ýörite administratiw etrabyny (Gonkong) gaz bilen üpjün etdi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993