Türkmenistan Stambul energetika forumyna gatnaşar

Türkmenistan Stambul energetika forumyna gatnaşar

22-nji noýabrda Stambul kongress-merkezinde Türkiýäniň Energetika ministrliginiň hemaýatkärliginde Anadolu agentligi tarapyndan Stambul energetika forumy geçiriler. Forum energetika ministrlerini, halkara guramalarynyň wekillerini, alymlaryny we pudagyň liderlerini dünýä energetikasynyň meselelerini maslahatlaşmak üçin bir ýere jemlär.

Forumyň temasy – “Umumy geljek, umumy maksatlar”. Foruma gatnaşyjylar energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkiýäniň ornuny, energetika geçişi maliýeleşdirmek strategiýasyny, nebit we gaz bazarlarynyň ösüşini, şeýle hem energetikada täze tehnologiýalary maslahatlaşarlar.

Ýörite mejlise Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, energetika ministri Alparslan Baýraktar we beýleki ýokary wezipeli ýolbaşçylar gatnaşar.

Baýraktaryň alyp barmagynda panelleýin diskussiýada Azerbaýjanyň, Bolgariýanyň, Wengriýanyň, Moldowanyň, Liwiýanyň, Russiýanyň, Serbiýanyň we Türkmenistanyň pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary çykyş eder.

Forum Türk nebitgaz korporasiýasynyň guramagyndaky mejlisler bilen dowam eder diýip, Anadolu agentligi habar berýär.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993