20-nji noýabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumynyň hem-de özbek harytlarynyň milli sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Sergide Özbegistanyň iri döwlet düzümleriniň we hususy kompaniýalarynyň öndürýän önümleri görkezildi. Sergi meýdançasynda dag-magdan, metallurgiýa, nebitgaz senagatynda, maşyn gurluşygynda, elektrik energetikasynda, dokma we himiýa senagatynda, gurluşyk serişdeleri, durmuş tehnikasy, azyk önümleri, lukmançylyk serişdeleri, söwda ulgamlarynda iş alyp barýan kompaniýalar öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy.
Serginiň açylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, şu gezekki forum Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändiginiň güwäsidir. Häzirki wagtda iki goňşy ýurt durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna, taraplaryň milli bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýar. Şeýle hem bilelikdäki giň gerimli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi aýdyldy.
Günüň ikinji ýarymynda türkmen we özbek işewürleriniň arasynda duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklarda bellenilişi ýaly, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda işjeň gatnaşyklary ösdürmek, bilelikdäki kärhanalary döretmek, iň täze tehnologik işläp taýýarlamalary ulanmak we innowasion ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça işjeň tejribe alyşmak hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunda häzirki wagtda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň baý tebigy gorlarynyň, bar bolan ägirt uly ykdysady, eksport kuwwatynyň dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýandygy bellenildi.
Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti hem guraldy.