Türkmenistan we ÝB Hazarüsti gaz ulag geçelgesini ösdürmek üçin hyzmatdaşlygy berkidýär

Türkmenistan we ÝB Hazarüsti gaz ulag geçelgesini ösdürmek üçin hyzmatdaşlygy berkidýär

20-njy noýabrda Hazarüsti ulag geçelgesini ösdürmek boýunça ÝB-niň Utgaşdyryjy platformasynyň çäklerinde Türkmenistanyň, ÝB-niň, halkara maliýe düzümleriniň we diplomatik wekilhanalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda onlaýn seminar geçirildi.

Türkmenistanyň  ileri tutulýan ulag taslamalaryny we halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde olary maliýeleşdirmekligiň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak duşuşygyň esasy maksady boldy. Oňa gatnaşyjylar Hazarüsti ulag geçelgesiniň üstaşyr mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin ulag infrastrukturalaryny ösdürmäge üns berdiler.

Duşuşyga türkmen tarapyndan Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, “Türkmendemirýollary” agentliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçisi Sapar Pälwanow gatnaşdy.

Seminaryň geçirilmegini Ýewropa komissiýasynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Baş müdirligi, Aziýa ösüş banky we Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky ýaly halkara maliýe institutlary, şeýle hem Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçisi we ýurdumyzdaky beýleki diplomatik wekilhanalar goldady didiýp, Türkmenistan Habarlar portaly habar berýär.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993