TOPH ýurtlaryň arasynda gatnaşyklary berkitmegiň we infrastrukturany ösdürmegiň guraly hökmünde

TOPH ýurtlaryň arasynda gatnaşyklary berkitmegiň we infrastrukturany ösdürmegiň guraly hökmünde

Frontier Works Organization (FWO) pakistan kompaniýasynyň baş direktory TOPH taslamasynyň (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) diňe bir strategiki turbageçiriji hökmünde däl, eýsem, Orta Aziýanyň mümkinçiliklerini açmakda we ýurtlaryň arasynda gatnaşyklary berkitmekde möhüm gural hökmünde ähmiýetini belläp geçdi.

Bu barada ol 26-27-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara forumynyň çäklerinde belledi.

Abdul Sami şeýle hem TOPH taslamasynyň Türkmenistan üçin Owganystanyň üsti bilen tebigy baýlyklaryny paýlaşmagy üçin özboluşly mümkinçilik bolup durýandygyny nygtady.

“Bu taslama ýol hem ulag infrastrukturasyny ösdürmek üçin ägirt uly ähmiýete eýe bolup durýar. Biz ony diňe bir Türkmenistan bilen däl, eýsem, sebitiň beýleki ýurtlary bilen hem gatnaşyklarymyzy ösdürmegiň usuly hökmünde görýäris. Munuň özi taslama gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysadyýetini ösdürmekde möhüm ädimdir” diýip Abdul Sami belledi.

Ol mundan beýläk hem hyzmatdaşlygy ösdürmäge umyt bildirip, TOPH ýaly infrastruktura taslamalarynyň sebitiň gülläp ösmeginiň esasy hereketlendirijisi bolup biljekdigini nygtady diýip, Türkmenistan Habarlar portaly habar berýär. 

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993