“Türkmennebit” döwlet konsernine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Ruhnama köçesiniň ugrunda 4 sany 4 gatly, her biri 40 öýli ýaşaýyş jaýynyň taslamalaryny düzmek we olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.
Resminama laýyklykda, gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň noýabr aýynda başlamak we ýaşaýyş jaýlaryny 2026-njy ýylyň noýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Bellenilişi ýaly bu resminama “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ilaty döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.