26-27-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahatynda Türkmenistanyň bilermenleri ulag toplumyny özgertmegiň strategiýasyny hödürlediler we ählumumy ekologiýa meselelerini çözmekde onuň ähmiýetini bellediler.
Forumyň barşynda “TULM” AGPJ-niň baş direktory Rahym Hanaýewiň bellemegine görä, ulag bu günki gün bug gazlarynyň zyňylmagynyň esasy çeşmelerini biri bolup durýar. Ol dünýä boýunça kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň dörtden birini emele getirýär.
Onuň çykyşynyň esasy merkezinde duran zat – ol hem ulag diňe bir mesele däl, eýsem, howa gün tertibiniň çözgüdi hem bolup biler. Onuň belleýşi ýaly, “Durnukly ulag durnukly ösüşiň kşp sanly ugurlary boýunça ösüşiň tizlendirijisi bolup durýar”.
Hanaýewiň sözlerine görä, iri infrastruktura taslamasy – uzynlygy 1100 m bolan Türkmenabat-Türkmenbaşy demir ýol magistraly bu konsepsiýany durmuşa geçirmekde möhüm ädim bolup biler.
Bu ýokary maksatly meýilnama diňe bir CO2 zyňyndylaryny azaltman, eýsem, ýurduň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini düýpli artdyrar.
Hanaýewiň belleýşi ýaly, 2026-njy ýylda badalga alýan BMG-niň durnukly ulag boýunça geljekki Onýyllygy ulag ulgamyny özgertmekde özboluşly mümkinçilikleriň äpişgesine öwrüler.