BAE bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ähli derejelerde görlüp-eşidilmedik ösüşi görkezýär - ilçi

BAE bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ähli derejelerde görlüp-eşidilmedik ösüşi görkezýär - ilçi

Birleşen Arap Emirlikleri bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar ähli derejelerde görlüp-eşidilmedik ösüşi görkezýär. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Alhaý Al-Hameli BAE-niň Milli gününiň 53 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen kabul  edişlikde belledi. Bu barada News Central Asia (nCa) neşiri habar berýär.

Diplomat 2024-nji ýylyň ilkinji ýarymynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 5,9% ýokarlanyp, “nebit däl söwdada” takmynan ABŞ-nyň 1 milliard 300 million dollaryna  ýetendigini belledi.

Ilçi şeýle hem: «Biz ýakyn ýyllarda bu görkezijini iki esse ýokarlandyrmagy maksat edinýäris. Häzirki wagtda BAE Türkmenistanyň dördünji söwda hyzmatdaşydyr» diýdi.

Al-Hameli «BAE bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary hemişe ýokary netijelilik we iki ýurduň ýolbaşçylarynyň işjeň hyzmatdaşlygy tapawutlandyrdy. Munuň aýdyň mysaly ýokary derejedäki özara saparlardyr» diýip nygtady.

«Ykdysady gatnaşyklary babatda, şu ýylyň iýun aýynda BAE-nyň ilçihanasy BAE-Türkmenistan işewürlik forumyny gurady. Forumyň dowamynda BAE wekiliýetine ykdysadyýet ministri Abdullah bin Tuk ýolbaşçylyk etdi. Forumda BAE-nyň 50-den gowrak resmi şahslary we kompaniýalary, şeýle hem Türkmenistanyň 150 töweregi resmi wekilleri we kompaniýalary gatnaşdy. Bu forum uly üstünlik bilen geçdi we iki ýurduň senagat palatalarynyň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekildi» diýip diplomat sözüni dowam etdi.

«BAE-nyň prezidenti şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýan we wise-prezident şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýanyň yzygiderli goldawlary bilen BAE ähli ugurlarda gatnaşyklary berkitmäge we BAE bilen Türkmenistanyň hem-de iki dostlukly halkyň arasyndaky baglanyşyklary çuňlaşdyrmaga çalyşýar» diýip ilçi belledi.

«BAE bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegine uly oňyn garaýarys. Bu gatnaşyklaryň gaz, nebit, täzelenip bilýän energiýa çeşmeleri, azyk howpsuzlygy we beýleki ugurlarda köp mümkinçilikleri we geljegi bar» diýip, Al-Hameli düşündirdi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993