29-njy noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, nebiti gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze önümçilikleri döretmek, olary döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň suw üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmak üçin degişli işleri alyp barmagyň, munuň üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmegiň zerurdygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň suw üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.