Türkmenistanyň Prezidenti 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetini tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetini tassyklady

Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanuna gol çekdi. Resminama laýyklykda, býujet girdejiler we çykdajylar boýunça 123 798,1 mln. manat möçberde tassyklanyldy.

Kanun dolulygyna 2-nji dekabrda merkezi neşirlerde çap edildi.

Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Merkezleşdirilen býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 111 987,6 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 24 689,6 mln. manat möçberde tassyklanyldy.

Kanunda zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýlip bellenildi.

Býujet ýetmezçiliginiň emele gelen ýagdaýynda, döwlet nesýe almalaryndan gelen serişdeler we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda býujet serişdelerinden emele gelen galyndylary maliýeleşdiriş çeşmeleri bolup durýar diýlip bellenildi.

2025-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet býujetine beýleki çeşmelerden gelip gowuşýan goşmaça girdejiler, şeýle hem girdejileriň çykdajylardan artyk gelen pul möçberleri, ilkinji nobatda, bank karzlary boýunça bergini üzmek, döwletiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek ugurlaryny maliýeleşdirmek üçin gönükdirilýär diýlip bellenildi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993