Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçi bilen geçiren duşuşygynda söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda ýangyç-energetika we senagat toplumynda, ulag we logistika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 28-nji mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde geçirilen duşuşykda şeýle hem taraplar ozalky geçirilen çäreleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar sebitleriň arasyndaky we medeni-ynsanperwer ulgamdaky işleri artdyrmak boýunça pikir alyşdylar.
Şeýle-de, taraplar sebit we halkara gün-tertibiniň möhüm meseleleri barada maslahatlaşdylar.