4-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň döwlet Baştutanyna we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna iberen mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna rowaçlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Türkiýäniň ýurdumyz bilen köpugurly hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şol sanda söwda dolanyşygyny artdyrmaga, gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Döwlet Baştutany Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän bu serginiň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berjek möhüm çäreleriň biridigini belledi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan üçin Türkiýe Respublikasy iň ýakyn doganlyk döwletleriň biridir. Ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýe bolup, özara hormat goýmak, birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň dürli ulgamlara täze tehnologiýalary we ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga, ykdysadyýeti yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýändigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň paýtagtymyzda geçirilýän sergisiniň iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady ugurly özara hereketleri has ýokary derejä çykarmaga, işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge goşant boljakdygyna ynam bildirildi.
Türkmen-türk gatnaşyklary birnäçe ugurlarda, şol sanda söwda, energetika, dokma senagaty, gurluşyk ýaly pudaklarda üstünlikli alnyp barlyp, onuň gerimi yzygiderli giňeldilýär.