Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Taraplar döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşe eýedigini bellediler.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistany we Saud Arabystany Patyşalygyny halkara gün tertibiniň möhüm meselelerine çemeleşmeleriň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi birleşdirýär. Munuň özi halkara giňişlikde özara tagallalary utgaşdyrmak üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär.
Türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda ýurtlarymyzyň halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG-niň we beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, “Bitewi suw sammitiniň hem-de Türkmenistanyň öňe süren anyk teklipleriniň ähmiýetine üns çekildi.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy, energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.