Türkmenistan-ÝB Bilelikdäki geňeşi söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdy

Türkmenistan-ÝB Bilelikdäki geňeşi söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdy

Brýusselde geçirilen Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi Bilelikdäki geňeşiniň 23-nji mejlisinde söwda gatnaşyklarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Bütindünýa söwda guramasyna goşulmagyny goldamagyň, Türkmenistanda we ÝB-de makroykdysady ýagdaýyň meseleleri, şeýle hem ulag arabaglanyşygynyň we sanlylaşdyrylmagyň meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistan Habarlar portaly habar berýär.

Duşuşykda energetika, daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş ugurlaryna aýratyn üns berildi. Suw serişdelerini dolandyrmak, metan zyňyndylaryny azaltmak, sebit häsiýetli ekologiýa meseleleri, şeýle hem energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ulanmagyň geljegi ýaly meseleleri çekişmeleriň merkezinde boldy.

ÝB-niň wekiliýeti Ýewropa Bileleşiginiň ykdysady ösüşiniň ykdysady görkezijilerine we geljegine bagyşlanan prezentasiýa görkezdi. Häzirki ykdysady ösüş, senagaty sanlylaşdyrmak we ählumumy şertleriň ýewropa bazarlaryna täsirine bagyşlanan maglumatlar getirildi.

Mejlis Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlygyny berkitmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmak bilen jemlenildi. Taraplar şular ýaly duşuşyklary geçirmegiň wajyplygyny belläp geçdiler.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993