Penşenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşlikde gaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we goldaw bermek, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda birnäçe ýyllaryň dowamynda Özbegistan Respublikasyna tebigy gazy iberýär.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri we doganlyk döwletiň Baştutany gaz ulgamyndaky bilelikdäki işiň ýokary netijeliligini, uzak möhletleýin häsiýetini bellediler hem-de türkmen tebigy gazynyň Özbegistana iberilýän möçberini artdyrmak barada ylalaşdylar.
Şeýle-de bu ugurda ýakyn wagtda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän bilelikdäki taslamalaryň uly mümkinçiliklerine üns çekildi.