“BOTAŞ” kompaniýasy bilen ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy

“BOTAŞ” kompaniýasy bilen ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy

6-njy dekabrda Aşgabatda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň Türkiýe Respublikasynyň “BOTAŞ” kompaniýasynyň Baş direktory Abdulwahid Fidanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy boldy. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň dowamynda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça başlangyçlary häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Şunda bu pudagyň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistan dünýä ýurtlary, halkara guramalar, öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işjeň syýasaty durmuşa geçirýär. Bu babatda Türkiýe Respublikasyna aýratyn orun degişlidir.

Duşuşygyň ahyrynda döwletara hyzmatdaşlygyň iki ýurduň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Türkiýäniň döwlet nebitgaz kompaniýasy bolan “BOTAŞ” içerki bazarlarda bolşy ýaly, daşarky bazarlarda hem nebitiň we gazyň iberilişi we söwdasy bilen meşgullanýar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993