Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglandy. Degişli Karary Türkmenistanyň Mejlisi çykardy.
9-njy dekabrda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi tamamlanandan soňra, “Oguz han” köşkler toplumynda Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşanlar toplumyny gowşurmak dabarasy boldy. Dabaranyň başynda milli parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli kararyny okady.
Resminamada bellenilişi ýaly, bu sylag Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň görnükli nusgawy şahyry pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny toplamakda, ylmy esasda öwrenmekde, türkmen jemgyýetiniň synmaz sütünlerine öwrülen möhüm syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik, ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde we durmuşa geçirmekde, ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer ruhy-ahlak garaýyşlarynyň esasynda terbiýelemekde, ýaşlarda ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmekde, dana şahyryň edebi mirasyny kanun esasynda ebedileşdirmekde bitiren görnükli hyzmatlaryny göz öňünde tutup berildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutuldy.
Serdar Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk gününiň toýlanýan günlerinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli özüne gowşurylan sylagy — Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny halkymyza gowşurylan sylag hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Bu ýubileý medalynyň gowşurylmagy ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, merdana halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda mundan beýläk-de yhlas bilen tutanýerli işlemäge borçly edýär diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.
Şol gün döwlet Baştutany «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda» Karara, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlaryny we daşary ýurt raýatlaryny «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakynda resminamalara gol çekdi.