Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklar Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow 9-njy dekabrda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýtdy. Onuň gün tertibine Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler girizildi.

Döwlet Baştutany Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasynyň örän giň gerimlidigini we köp sanly meseleleri öz içine alýandygyny belläp, geljek ýylda-da Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn derejede öz hyzmatdaşlygyny berkitmegi dowam etdirjekdigini aýtdy.

Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugur bolup durýandygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky, Hazarýaka sebitdäki döwletler bilen doganlyga, hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklary berkitmegi dowam etdirjekdigini, Günorta Aziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürjekdigini belledi.

Döwlet Baştutany häzirki döwürde şol sebitlerde ählumumy ykdysady we tehnologik ösüşleriň gazanylýandygyny, bu sebitleriň ýurtlarynyň hem Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.

Ýewropa we Amerika ýurtlary bilen birek-birege hormat goýmaga esaslanýan deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek hem dowam etdiriler diýip, Türkmenistanyň Prezidenti sözüni dowam etdi we şol ýurtlar bilen ýokary tehnologiýalar ulgamynda, «ýaşyl» energetika geçmekde, emeli aňy ornaşdyrmakda hyzmatdaşlyk etmäge, daşary syýasatymyzda Afrika ýurtlary bilen hem gatnaşyklara aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993