Braziliýanyň täze ilçisi Türkmenistany COP-30 howa forumyna gatnaşmaga çagyrdy

Braziliýanyň täze ilçisi Türkmenistany COP-30 howa forumyna gatnaşmaga çagyrdy

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Marsel Fortuna Biato bilen geçiren duşuşygynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Ilçi (oturýan ýeri Astana şäheri) Mejlisiň Başlygyna ynanç hatyny kabul etdi diýip, TDH habar berýär.

Ilçi Marsel Fortuna Biato geljek ýyl Braziliýada geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 30-njy maslahatynyň (COP30) ähmiýetini aýratyn belledi we Türkmenistanyň wekiliýetini oňa gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň dowamynda dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekiline ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler we iri möçberli taslamalar barada giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle-de ol milli parlamentiň alyp barýan işi bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi üçin berk binýat bolup hyzmat edýän milli kanunçylygyň kämilleşdirilmeginde bu kanun çykaryjy edara uly orun degişlidir.

Şol gün Braziliýanyň ilçisi Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowa hem ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993