Türkmenistanyň we Eýranyň diplomatlary energetika hem-de ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Eýranyň diplomatlary energetika hem-de ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

12-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýranyň daşary işler ministriniň hukuk we halkara işleri boýunça orunbasary Kazem Garib-Abadiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçiren duşuşygynda energetika we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-eýran gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigini tassykladylar.

Şeýle-de söhbetdeşler söwda-ykdysady, hususan-da, energetika we ulag pudaklaryndaky gatnaşyklaryň ösüşine garadylar. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran Hökümetara toparynyň  işiniň ähmiýeti nygtaldy.

Mundan başga-da, taraplar halkara we sebit düzümleriniň çäklerindäki gatnaşyklaryň netijelidigini kanagatlanma bilen bellediler.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993