Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň doganlyk halkyna Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu bnarada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini, häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarda üstünlikli ösdürilýändigini nygtap, ýakynda Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň aýratyn ähmiýetine ünsi çekdi.
Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň we gazanylan ylalaşyklaryň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine saldamly goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.
Döwlet Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk we bagtyýarlyk, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik, gülläp ösüş arzuw etdi.