Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

16-njy dekabr Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.

Wekiliýetiň düzüminde “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart, “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýkon we “Westport Trading Europe Limited” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Nikolaý Ýurçenko bar.

Nygtalyşy ýaly, köp ýyllardan bäri iri amerikan kompaniýalary Türkmenistanda möhüm taslamalary amala aşyrýarlar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany birnäçe ýyllaryň dowamynda üstünlikli hereket edýän “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge goşýan saldamly goşandyna aýratyn ünsi çekdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda nebitgaz pudagy, elektroenergetika, gaýtadan dikeldilýän energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlar bilelikdäki işiň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň amerikan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini we olaryň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Işewürler ABŞ-nyň işewür toparlarynyň uly ykdysady kuwwaty bolan Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.

Döwlet Baştutany Türkmen-amerikan işewürlik maslahatynyň Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky maýa goýum hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti myhmanlaryň şu gezekki saparynyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geljegi uly ugurlar boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik dörejekdigini, şol gepleşikleriň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze itergi berjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmeginde amerikan kompaniýalarynyň goşýan goşandy bellenildi. 

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993