Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygyny kabul etdi

16-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýy kabul etdi

Myhman Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy, işlemek üçin ähli zerur şertler döredilen türkmen bazarynda iş alyp barmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.

Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisiniň iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi .

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde ýerleşýän Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedir.

Döwletara gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak esasynda işjeň ösdürilýär hem-de kämilleşdirilýär. Ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde, ýagny «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar.

Mälim bolşy ýaly, Ýaponiýada indiki ýyl «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi geçiriler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de serginiň işine gatnaşmak üçin ýurdumyzda ýörite guramaçylyk toparynyň döredilendigini we häzirki wagtda degişli taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny belläp, serginiň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993