Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Eýranyň energetika ministri bilen energetika we gaz pudagynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Eýranyň energetika ministri bilen energetika we gaz pudagynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Raşid Meredow bilen Eýranyň Energetika ministri Abbas Aliabadiniň arasynda geçirilen duşuşykda energetika we gaz pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri maslahatlaşyldy diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda 60-dan gowrak eýran kompaniýasynyň önümleriniň hödürlenýän 16-njy ýöriteleşdirilen «Iran Agrofood» sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşmak maksady bilen Eýranyň Energetika ministriniň Aşgabat şäherine amala aşyran saparynyň, şeýle hem türkmen-eýran işewürler forumynyň geçirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Şeýle hem taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993