Russiýa we Türkmenistan söwda-ykdysady we ulag ulgamlarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýär – RF-niň ilçisi

Russiýa we Türkmenistan söwda-ykdysady we ulag ulgamlarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýär – RF-niň ilçisi

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin tamamlanyp barýan 2024-nji ýylda türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň netijelerine bagyşlanyp 18-nji dekabrda geçirilen metbugat maslahatynda iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady we ulag ulgamlaryndaky işjeň hyzmatdaşlyk barada durup geçdi. Maslahata rus hem türkmen habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

“Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara topar netijeli hereket edýär” diýip, Iwan Wolynkin aýtdy.

“30-njy oktýabrda toparyň başlyklarynyň duşuşygyny geçirmek üçin Aşgabada RF-niň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk geldi. Saparyň barşynda ol şu ýylyň ilki ýedi aýynda Russiýa bilen Türkmenistantyň arasyndaky özara söwda dolanyşygynyň 58% artandygyny belledi” diýip, ilçi sözüniň üstüne goşdy.

Onuň aýtmagyna görä, “häzirki wagtda ulag edaralarynyň çygrynda özara gatnaşyklara aýratyn üns berilýär. Bu babatda Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmek boýunça iş alnyp barylýar”.

“Bilelikdäki tagallalar netijesinde demir ýollar boýunça eksport, import we üstaşyr daşamalaryň möçberi artdyryldy, ýük ugratmalaryny dolandyrmagyň häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylýar”.

Ilçiniň sözlerine görä, “Häzirki wagtda Türkmenistanda rus kapitalynyň gatnaşmagynda 190 töweregi ykdysady iş alyp barýan subýektler hereket edýär. Olaryň hatarynda – Gazprom, Kamaz, Wozroždeniýa, Tatneft, TNK ýaly iri kompaniýalaryň wekilhanalary bar”.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993