18-19-njy dekabrda Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň iri nebitgaz kompaniýasy bolan Petronas kompaniýasynyň ştab-kwartirasyna baryp gördi. Duşuşykda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de döwrüň talaplary nukdaýnazaryndan, onuň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler diýip, TDH habar berýär.
Nebitgaz senagaty Türkmenistanyň depginli ösýän pudaklarynyň biridir. Ýurdumyzyň energetika mümkinçilikleriniň ulanylmagyna Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň uly goşant goşýandygy aýratyn bellenildi. Kompaniýa 30 ýyla golaý wagtyň dowamynda Türkmenistanda uglewodorod serişdelerini çykarmak boýunça durmuşa geçirilýän taslamalara işjeň gatnaşýar.
Şeýle hem nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda degişli işleri alyp barýar. Ýangyç-energetika toplumy Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegi uly ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hem-de “PETRONAS” kompaniýasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady ösüş maksatnamalaryny, senagat pudagyndaky özgertmeleri we işewürlik üçin döredilýän amatly şertleri göz öňünde tutmak bilen, hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.