Türkmenistan we Malaýziýa energetika toplumynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy maksat edinýär

Türkmenistan we Malaýziýa energetika toplumynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy maksat edinýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 18-19-njy dekabrda Malaýziýa resmi saparynyň netijeleri we Malaýziýanyň Premýer-ministri Dato Seri Anwar bin Ibrahim bilen gepleşikleriniň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama we resminamalara gol çekildi diýip, TDH habar berýär.

Beýannamada bellenilişi ýaly, umumy garaýyşlaryny beýan etmek bilen, taraplar energetika pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurda «PETRONAS» kompaniýasynyň köpýyllyk oňyn tejribesini bellediler.

“Taraplar nebitgaz pudagyna örän uly ähmiýet berip, yzygiderli ösüşe, abadançylyga gönükdirilen berk we uzak möhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ygrarlydyklaryny nygtadylar. Bu iki ýurduň hem özara bähbitlilik ruhunda täze mümkinçilikleri öwrenmäge eýerýändigini tassyklaýar” diýip, anna güni metbugatda çap edilen resminamada aýdylýar.

“Taraplar Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliginiň bardygy bilen ylalaşdylar. Iki ýurduň ähli ykdysady mümkinçiligini durmuşa geçirmek üçin ony deňlik we özara bähbitlilik esasynda ösdürmäge taýýardygyny beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Türkmen-malaý işewürler geňeşini döretmäge taýýardyklaryny makulladylar” diýlip, resminamada bellenilýär.

Bellenilişi ýaly, geljege nazar aýlamak bilen, taraplar ulag, medeniýet, bilim, syýahatçylyk, sport babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini bellediler. Bu bolsa Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga oňyn ýardam berer.

Taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda syýahatçylyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Malaýziýanyň Halkara söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Malaýziýanyň Milli söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegini makulladylar.

Şeýle hem taraplar diplomatik we resmi pasportlaryň eýeleri üçin wiza talaplaryny bölekleýin ýatyrmak hakynda Ylalaşyk (PVAA), howa gatnawlary (ASA) we awiasiýa senagaty hakynda Ylalaşyk boýunça Türkmenistanyň hem-de Malaýziýanyň arasynda, iki ýurduň Halkara gatnaşyklary institutlarynyň arasynda diplomatlary taýýarlamak we ylmy alyş-çalyş barada hyzmatdaşlyk etmek boýunça notalary alyşmagyň şaýady boldular.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993