Serdar Berdimuhamedow Malaýziýa resmi saparynyň netijelerine ýokary baha berdi

Serdar Berdimuhamedow Malaýziýa resmi saparynyň netijelerine ýokary baha berdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýa resmi saparynyň we Premýer-ministr Anwar Ibrahim bilen gepleşikleriniň netijelerine ýokary baha berdi.

Serdar Berdimuhamedow Malaýziýa amala aşyrýan saparynyň netijelerine ýokary baha berip, saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň we kabul edilen möhüm resminamalaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigini nygtady. Döwlet Baştutanynyň çykyşy metbugatda çap edildi.

“Şu günki geçirilen gepleşikler hyzmatdaşlygyň giň toplumyny öz içine alýar. Hususan-da, olar söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmaga we giňeltmäge iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigini görkezdi” diýip, döwlet Baştutany nygtady.

Şu nukdaýnazardan, Serdar Berdimuhamedow energetika, ulag-kommunikasiýa pudaklarynda, gurluşyk, nebiti we gazy gaýtadan işlemek, himiýa senagaty, ýokary tehnologiýalar, innowasion şäher gurluşygy, syýahatçylyk ýaly birnäçe ugurlarda taslamalary durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki işleriň uly geljeginiň bardygyny belläp, Türkmenistanyň ykdysady hyzmatdaşlyk babatda Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary birleşigi bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Ýurdumyzda köp ýyllardan bäri üstünlikli işläp gelýän Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali» döwlet nebitgaz kompaniýasynyň işi özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mysaly bolup durýar. “Medeni-ynsanperwer ulgamda hem gatnaşyklary berkitmek wajyp ugurlaryň biridir. Dostlukly halklarymyzyň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy üpjün etmäge, bu ugurda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen bilelikdäki çäreleri geçirmek barada ylalaşdyk” diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993