«Türkmennebit» DK SNGIZ-niň maddy-üpjünçilik binýadyny pugtalandyrmak üçin degişli işleri geçirmäge ygtyýar berildi
10:29 23.12.2024 137
21-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer “Türkmennebit” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, nebithimiýa senagatyny döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek babatda geçirilýän işler barada aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, nebitgaz pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, nebithimiýa senagatyny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.
“Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlary zerur bolan maddy-enjamlaýyn serişdeler bilen yzygiderli üpjün etmek üçin degişli Karara gol çekip, Serdar Berdimuhamedow ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, resminamanyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işleri geçirmäge ygtyýar berildi.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVI Halkara maslahaty 27-29-njy oktýabrda geçiriler
Aşgabatda 27-29-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2021» atly XXVI Halkara maslahaty (OGT-2021) geçiriler. Bu barada OGT-niň resmi saýtynda habar berilýär. Bu halkara maslahaty “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti we Beýik Britaniýanyň "GaffneyCline" kompaniýasy bilen bilelikde gurnalýar.
Türkmenistan we Singapur birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýe — DIM
Türkmenistan we Singapur dürli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Bu barada Türkmenistanyň Singapur Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Seul ş.) B.Durdiýewiň Singapur Respublikasynyň Prezidenti Halime Ýakoba ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasynda geçirilen duşuşykda aýdyldy.
«Gumdagnebit» müdirligi: birinji ýarym ýylda 200 müň tonna «gara altyn» çykaryldy
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gumdagnebit» nebit we gaz çykarmak boýunça müdirliginiň nebitçileri Uzynada ýatagynyň baý känlerini özleşdirmek boýunç giň gerimli işleri ýerine ýetirýärler. Häzirki wagtda bu ýerde alnyp barylýan işleri ýatagyň çig mal binýadyny netijeli ulanmaklyga, şeýle hem uglewodorod çig malynyň täze çeşmelerini ýüze çykarmaklyga gönükdirilendir.
Türkmenistanyň we Hindistanyň Prezidentleriniň duşuşygy özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge itergi berer
1-nji aprelden Türkmenistana döwlet sapary bilen Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind geldi. 2-nji aprelde “Oguz han” köşkler toplumynda ýokary derejedäki türkmen-hindi gepleşikleri geçirildi. Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde — iki döwletiň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.
Türkmenistan Abu-Dabide ADIPEC nebitgaz forumyna gatnaşýar
Türkmenistanyň wekiliýeti 31-nji oktýabrda Abu-Dabide (BAE) açylan ADIPEC nebitgaz sergisine we maslahatyna gatnaşýar.