Birža söwdalarynda içerki bazara polipropilen ýerlenildi

Birža söwdalarynda içerki bazara polipropilen ýerlenildi

Sişenbe güni, 24-nji dekabrda birža söwdalarynda daşarky bazarda Gyrgyzstan döwletiniň işewürleri ýerli işewürlerden nah ýüplügini satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Içerki bazarda ýerli işewürler “Türkmennebit” döwlet konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropilenini, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden süpürintgi galyndysyny we Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden düz (float) aýnasyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 7 342 138,00 manada we ABŞ-nyň 46 640,00 dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993