Türkmenistanyň Prezidenti we Sankt-Peterburgyň gubernatory hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti we Sankt-Peterburgyň gubernatory hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow 25-nji dekabrda gysga wagtlyk söhbetdeşlikde Peterburg bilen Türkmenistanyň ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy.

Duşuşyk Türkmenistanyň Prezidentiniň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmagynyň çäklerinde “Pulkowo” howa menzilinde bolup geçdi.

“Peterburg Türkmenistan bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk edýär, biriň gatnaşyklarymyz ösýär. Beýik Watançylyk urşunyň we Leningradyň gabawynyň ýagty ýadygärligine sarpasy, weteranlar barada aladasy üçin türkmen hyzmatdaşlarymyza minnetdarlyk bildirýärin. Bu gymmatlyklar bizi birleşdirýär. Aşgabatda Leningradyň gabaw wagtyndaky ýaşaýjylaryny kabul etmeginiň hormatyna “Dostluk” ýadygärligini oturtmak meýilleşdirilýär” diýip, Beglow aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Peterburgyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Türkmenistanda ýol we inženerçilik desgalarynyň gurluşygynda peterburgly kompaniýalar gatnaşýar. Amala aşyrylan taslamalaryň hatarynda – Aşgabadyň günortasynda sil suwlaryny sowujy akabalaryň gurluşygy bar. Ol “Wozroždeniýa” kompaniýasy tarapyndan guruldy. Kompaniýa işiniň dowamynda Türkmenistanda 25 sany iri desgany, şol sanda magistrallary, köprüleri gurdy.

“Güýç maşynlary” kompaniýasy “Türkmenenergo” bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär.

Şeýle hem medeni we bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk berkidilýär. Geçen okuw ýylynda Peterburgyň ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistandan 2 müňe golaý talyp bilim aldy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993