Türkmenistanyň Prezidenti Magtymguly Pyragy hakynda kitap ýazdy

Türkmenistanyň Prezidenti Magtymguly Pyragy hakynda kitap ýazdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň jemlenmegi bilen bagly «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi. Bu barada döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde aýtdy.

Döwlet Baştutany öz eserinde beýik söz ussadynyň edebi mirasynyň, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandynyň, şahyryň ýubileýi bilen bagly geçirilen çäreleriň giňden beýan edilýändigini, şeýle hem ýurdumyzda ýetilen sepgitleriň, gazanan üstünliklerimiziň jeminiň jemlenýändigini nygtap, bu kitabyň mähriban halkymyza mynasyp sowgat boljakdygyny aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow mejlisde eden çykyşynda, Türkmenistanyň Prezidenti «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyny ýazmak bilen, Ministrler Kabinetiniň şu günki taryhy mejlisinde tutuş türkmen halkyna we daşary ýurtlaryň halklaryna Täze ýylyň bosagasynda örän uly sowgat etdi diýip belledi.

2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli beýik nusgawy şahyryň döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygyny alamatlandyrýan, parahatçylygyň, ösüşiň binýady bolup hyzmat edýän, halklary we döwletleri birleşdirýän filosofiýasy bütin dünýä ýaň saldy.

2024-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabatda guralan halkara forum, şeýle hem ýylyň başyndan bäri Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilen halkara çäreleriň ýüzlerçesi munuň aýdyň mysalydyr.

Wise-premýer, daşary işler ministri mejlise gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidentini täze kitabynyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, mundan beýläk-de döredijilik üstünliklerini arzuw etdi.

Belläp geçsek, bu kitap Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýazan ikinji kitabydyr. 2023-nji ýylyň dekabrynda döwlet Baştutanynyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” kitaby çapdan çykdy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993