Boldumsaz etrabynyň “Gökýaýla” geňeşliginiň “Al Altyn” obasynyň çäginde uzynlygy iki kilometrden gowrak bolan orta basyşly eltiji gaz geçirijisiniň gurluşygy tamamlandy.
Gurluşyk işleri Milli maksatnamanyň çäklerinde ýerine ýetirildi. Bu giň gerimli taslamanyň çäklerinde dürli uzynlykdaky şular ýaly gaz geçirijiler Gubadag şäheriniň Galkynyş köçesiniň ugrunda “Uşak oba” obasynda we “Boldumsazetrapgaz-yň” Gubadag bölümi tarapyndan hyzmat edilýän beýleki birnäçe ýerlerde guruldy. Bu ýerde şeýle hem içerki paýlaýjy tora degişli kommunikasiýalar çekildi.
Umuman, ýylyň dowamynda diňe şu uçastokda alty ýarym kilometr eltiji gaz geçirijisi we iki ýarym kilometr içerki torlar çekildi. Munuň özi täze gaz geçiriji kommunikasiýalary gurmak boýunça ýyllyk meýilnamany ýerine ýetirmäge mümkinçilik berdi.
Gurluşyk işleri üçin dürli diametrli ýokary hilli turbalar ulanyldy. Olar durnuklylygy bilen tapawutlanyp, “mawy ýangyjyň” sarp edijilere bökdençsiz iberilmegini üpjün edýärler.
Döwlet maksatnamalarynyň toplumlaýyn ýerine ýetirilmegi netijesinde Daşoguz welaýaty bu günki gün ösen gaz kommunikasiýalarynyň toruna eýe. Bu gaz geçiriji torlar ilaty ekologiýa taýdan arassa ýangyç bilen bökdençsiz üpjün edýär.