Türkmenistanda 2025-nji ýylyň ilkinji bäbegine “Parahat” diýlip at goýuldy

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň ilkinji bäbegine “Parahat” diýlip at goýuldy

Arkadag şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde täze — 2025-nji, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurt boýunça ilkinji çaga dünýä indi. Asylly däbe eýerip, oglanjyga onuň ata-enesi täze ýylyň ruhuna, şygaryna laýyk Parahat diýip at goýdular. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň ilkinji minutlarynda Arkadag şäheriniň bagtyýar ýaşaýjylary — öý hojalykçy Orazjahan hem-de mekdep mugallymy Ýazmergen Atageldiýewleriň maşgalasynda dünýä inen çaga olaryň ikinji ogul perzendi. Olara Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň iberen sowgatlary gowşurylyp, gutlag sözleri, iň gowy arzuwlary aýdyldy. Bu waka bagtyýar ene-atanyň ýürek buýsanjyny, şatlygyny has-da artdyrdy.

Çaganyň agramy 4100 gram, boýy bolsa 54 santimetr. Bäbejige we onuň ejesine lukmanlardyr şepagat uýalary tarapyndan ähli degişli gözegçilik işleri öz wagtynda geçirilýär diýlip, habarda bellenilýär.

Enäniň we çaganyň saglygyny goramak babatda ähli döwrebap şertleri döredip berýän, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda irginsiz aladalar edýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun! — diýip, oglanjygyň ejesi Orazjahan Atageldiýewa "Türkmenistan" gazetine beren interwýusynda aýdýar.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993