“Lebapnebitgazgözleg” ekspedisiýasy ýurdumyzyň uglewodorod gorlarynyň artmagyna mynasyp goşant goşýar

“Lebapnebitgazgözleg” ekspedisiýasy ýurdumyzyň uglewodorod gorlarynyň artmagyna mynasyp goşant goşýar

Türkmenistanda gymmatly uglewodorod serişdelerini özleşdirmek bilen birlikde, olaryň ätiýaçlyk gorlaryny doldurmak boýunça hem işler alnyp barylýar. “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Lebapnebitgazgözleg” ekspedisiýasynyň hünärmenleri bu işe mynasyp goşant goşýarlar.

Ýerasty baýlyklary gözleýän hünärmenleriň işi örän giň gerimlidir. Olar ýurdumyzyň günbatar sebitinde ylmy-barlag işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Magtym Mahmudowyň ýolbaşçylyk edýän burawçylar topary ýerasty baýlyklary gözläp, ýurdumyzyň tebigy serişdelerini artdyrmaga uly goşant goşýarlar.

Ýakynda Goturdepe ýatagynda ýerleşýän №1907 gözleg buraw guýusynyň 3975 metr çuňlukda buraw işleri üstünlikli tamamlandy. Häzirki wagtda işler tamamlaýjy tapgyra girdi. Hünärmenler bu guýudan hem çig nebitiň senagat akymyny almaga umyt baglaýarlar.

Bu toparyň agzalary Balkan sebitinde köp ýyllaryň dowamynda netijeli iş alyp barýarlar. Buraw ussasynyň aýtmagyna görä, olar mundan öň Ekerem we Çeleken meýdançalarynda işläp, ýurdumyzyň çig mal goruny artdyrmaga ýardam edipdirler. Burawçylar Goturdepedäki işleriň hem üstünlikli boljakdygyna berk ynanýarlar. Munuň üçin öňki geologiki barlaglaryň we hasaplamalaryň netijeleri anyk subutnama bolup durýar.

Ekspedisiýa daşary ýurtlardan satyn alnan döwrebap buraw enjamlary we beýleki zerur serişdeler bilen yzygiderli üpjün edilýär. Hytaýdan getirilen ýokary öndürijilikli buraw enjamlary işiň hilini we netijeliligini üpjün edýär. Şeýle hem, uzak aralykdaky sebitlerde işleýän işgärleriň yzygiderli dynç almagy üçin amatly şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär.

Ýakyn wagtda topar Goturdepe ýatagynda ýerleşýän №1908 guýusynyň buraw işlerine başlar. «Lebapnebitgazgözleg» işgärleri özleriniň tutanýerli zähmetiniň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine mynasyp goşant boljakdygyna ynanýarlar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993