2025-nji ýylda Türkmenistanda 12 sany işlenilmeýän baýramçylyk günleri bolar

2025-nji ýylda Türkmenistanda 12 sany işlenilmeýän baýramçylyk günleri bolar

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi resmi saýtynda 2025-nji ýylyň önümçilik senenamasyny neşir etdi. Senenama laýyklykda, 2025-nji ýylda Türkmenistanda 12 sany işlenilmeýän baýramçylyk günleri bolar.

Olar şulardan ybarat:

• 1-nji ýanwar – Täze ýyl;

• 8-nji mart – Halkara zenanlar güni;

• 21-22-nji mart – Milli bahar baýramy;

• 30-njy mart – Oraza baýramy;

• 18-nji maý – Türkmenistanyň Konstitusiýa we Döwlet baýdagy güni;

• 6-7-8-nji iýun – Gurban baýramy;

• 27-nji sentýabr – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni;

• 6-njy oktýabr – Ýatlama güni;

• 12-nji dekabr – Halkara Bitaraplyk güni.

Bu günlerde kärhanalarda, guramalarda we edaralarda iş geçirilmeýär. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 61-nji maddasyna laýyklykda, bu günleriň öň ýanyndaky iş wagty 1 sagat gysgaldylýar.

Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň hem-de döwlete dahylly bolmadyk ýuridiki we fiziki taraplara habar berlişi ýaly, iş wagtynyň ölçegleri 8 sagatlyk iş gününden ugur alnyp bäş günlük 40 sagatlyk iş hepdesiniň, 7 sagatlyk iş gününden ugur alnyp alty günlük 40 sagatlyk iş hepdesiniň we 6 sagatlyk iş gününden ugur alnyp alty günlük 36 sagatlyk iş hepdesiniň senenamasy boýunça hasaplanandyr.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 62-nji maddasyna laýyklykda, iş tertibi düzülende gijeki iş wagtynda işiň dowamlylygynyň 1 sagat gysgalýandygy göz öňünde tutulmalydyr. Şol sebäpli, iki dynç alyş günli, bäş günlük iş hepdesinde üç iş çalşygynda işleýänleriň iş wagtynyň ýyllyk gory, her gijeki iş wagtynyň 1 sagadynyň hasabyna azalýar.

Gijeki işiň dowamlylygy önümçiligiň şertlerine görä zerur bolan halatlarda, hususan-da üznüksiz önümçiliklerde, şonuň ýaly-da bir dynç alyş günli alty günlük iş hepdesi mahalyndaky çalşykly işlerde gündizki iş bilen deňleşdirilýär.

Beýan edilenler bilen baglylykda, 2025-nji ýylda sagatlaýyn tarif möçberleriniň iş wagtynyň ortaça aýlyk dowamlylygynyň (sagatlarda) gaýtadan hasaplanylyşy şu aşakdaky ýaly bellenilýär:

40 sagatlyk iş hepdesi üçin – 167,6

36 sagatlyk iş hepdesi üçin – 150,5.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993