Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Sultan Abdulrahman Al-Marşadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda, şol sanda energetika, infrastruktura we maýa goýumlar ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi maslahatlaşyldy.
Türkmenistanda durmuş-ykdysady ösüşe gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmeklige aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Saud ösüş gaznasynyň arasynda degişli resminama gol çekildi. Bu resminama Türkmenistana iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin maliýe goldawyny bermekligi göz öňünde tutýar.
Saud ösüş gaznasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana sapawy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň nobatdaky tassyklamasy boldy diýip, Türkmenistan Halkara Habarlar merkezi habar berýär.