Türkmenistan we Hytaý ählitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär

Türkmenistan we Hytaý ählitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär

15-nji ýanwarda Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler Ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler Ministriniň kömekçisi Lýu Biniň arasynda geçirilen duşuşykda hemmetaraplaýyn strategiki we uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolan netijeli ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garaldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Iki döwletiň baştutanlarynyň arasynda emele gelen ynanyşmagyň hem-de dostlugyň ýokary derejesi döwletara gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Hytaý halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky döwletara gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Şunuň bilen birlikde, parlamentleriň we partiýalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär, sebitleriň arasyndaky gatnaşyklar hem täze netijeli badalga gazandy.

Diplomatlar söwda-ykdysady ugurda netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny bellediler, energetika, ulag-aragatnaşyk arabaglanyşygy we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça bilelikdäki işleriň gidişini seljerdiler.

Taraplar iki dostlukly ýurtlaryň we halklaryň milli bähbitlerine we ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Şol gün Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň barşynda syýasy-diplomatik gatnaşyklary, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygy nazara almak bilen, ikitaraplaýyn gün tertibiniň ähli möhüm ugurlary barada we olary amaly mazmun bilen baýlaşdyrmak dogrusynda gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça alnyp barylýan özara gatnaşyklar babatynda diplomatlar geçen ýylyň noýabrynda Çendu şäherinde gol çekilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen bagly meselelere garadylar.

Söhbetdeşler Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň işiniň durnukly we uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň möhüm guraly bolup çykyş edýändigi bilen ylalaşdylar.

Duşuşykda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi. Bellenilşi ýaly, köp ýyllardan bäri Hytaý Türkmenistanyň iň iri daşary ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993