Geçen hepdede Türkmenistanyň hokkeý boýunça 10-njy milli çempionaty tamamlandy. Çempionatda öň 9 gezek öňdeligi eýelemegiň hötdesinden gelen «Galkan» hokkeý topary bu sapar hem ýaryşy iň ýokary netije bilen jemledi we çempionlyk derejesini 10-njy gezek ynamly ýeňişleri bilen özünde saklamagy başardy. Milli çempionatyň medallary üçin «Şir», «Oguzhan», «Nesil», «Watançy» we «Merdana» toparlary hem bäsleşdi.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazawtomatika» müdirliginiň «Oguzhan» hokkeý kluby hem Türkmenistanyň güýçli hokkeýçilerini özünde jemleýär. «Oguzhanyň» ussat türgenleri bu çempionatda hem netijeli çykyş etdi. 14-nji ýanwarda «Galkan» gyşky oýunlar sport toplumynda şu çempionatyň soňky duşuşygynda «Oguzhan» bilen Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň «Nesil» hokkeý topary buzly meýdança çykdy. Nebitgaz toplumynyň topary turuwbaşdan oýna güýçli girişdi we duşuşygyň ahyryna çenli ýokary depgini gowşatmady. Netijede, «Oguzhan» garşydaşy «Nesilden» 8:3 hasabynda üstün çykdy. Bu ynamly ýeňiş Arslan Baýramgulyýewiň tälim berýän «Oguzhan» toparynyň hokkeý boýunça milli çempionatda 2-nji orny eýelemegini şertlendirdi.
«Oguzhan» hokkeý klubunyň başlygynyň orunbasary Döwlet Nazarowyň gürrüň bermegine görä, milli çempionatyň duşuşyklarynyň dowamynda derwezeçi Muhammetkerim Atamyradow, goragçylar Mämmet Myradow, Ewald Gaýer, hüjümçiler Tirkiş Kurbaşiýew, Sultanhamit Wahitow dagy aýratyn ussatlygy bilen tapawutlandy.