Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” DK-nyň pudaklaýyn infrastrukturasyny berkitmek teklibini goldady

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” DK-nyň pudaklaýyn infrastrukturasyny berkitmek teklibini goldady

17-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi diýip, TDH habar berýär.

Mejlisde çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän toplumynda, hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserniniň garamagyndaky edara-kärhanalarda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar we has oňaýly iş şertleri döredilýär. Munuň özi pudakda zähmet çekýän işgärleriň has netijeli işlemegini üpjün etmäge, zähmet öndürijiliginiň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň edara-kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini, pudakda zähmet çekýänler üçin amatly iş şertleriniň döredilýändigini aýtdy hem-de bu ugurdaky işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993