Tokaýew: Gazagystan geljekde-de ählumumy ösüş bähbitlerine gönükdirilen asylly maksatlara ýetmekde Türkmenistany goldamaga taýýar

Tokaýew: Gazagystan geljekde-de ählumumy ösüş bähbitlerine gönükdirilen asylly maksatlara ýetmekde Türkmenistany goldamaga taýýar

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hat ugratdy. Onda gazak Lideri iki ýurduň arasynda gatnaşyklary ösdürmäge goşandy üçin çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.

“Doganlyk halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagynda hem-de tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly, howpsuz ösüşini üpjün etmekdäki umumy maksatlarymyzy ilerletmekde Siziň ägirt uly şahsy goşandyňyza ýokary baha berýärin. Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokarlandyrmak, diplomatiýanyň, parahatçylygyň, durnuklylygyň merkezi hökmünde Aşgabadyň ýokary derejesini pugtalandyrmak babatda Siziň öňbaşçylyk ediji ornuňyzy we öňdengörüjilikli başlangyçlaryňyzy aýratyn bellemek isleýärin” diýip, Tokaýew belleýär.

Tokaýew “Siziň tagallalaryňyz esasynda ýurduňyz sebitde we onuň çäklerinden daşarda hem ynanyşmaga, özara gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýän jogapkärli hyzmatdaşyň nusgasy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde Siziň döredijilikli başlangyçlaryňyz dünýä jemgyýetçiliginiň goldawyna mynasyp bolýar” diýip belleýär.

Bellenilişi ýaly, ählumumy wehimleriň barha artýan şertlerinde Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýe bolup, diňe parahatçylygy, ynanyşmagy, raýdaşlygy berkitmek arkaly ähli halklaryň abadançylygyna hem-de gülläp ösüşine esaslanýan geljegi gurmagyň mümkindigini dünýä jemgyýetçiligine ýatladýar.

Kasym-Žomart Tokaýew parahatçylygyň umumy gymmatlyklaryna daýanmak, köpasyrlyk dostluk we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk ygrarly bolmak bilen, Gazagystanyň geljekde-de ählumumy ösüş bähbitlerine gönükdirilen asylly maksatlara ýetmekde Türkmenistany hemmetaraplaýyn goldamaga taýýardygyny nygtaýar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993