22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde özara bähbitlilik hem-de deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda şu ýylda öňde durýan wajyp wezipeler boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk babatda düýpli pikir alyşmalar boldy. Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça yzygiderli ösdürilýändigi nygtaldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ekologiýa meselesine geçmek bilen, dostlukly döwletiň Baştutanyna Araly halas etmegiň halkara gaznasyna netijeli başlyklyk edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň geljek ýyllarda hem howa we ekologiýa gün tertibinde Gazagystanyň garaýyşlaryny doly goldamagyny dowam etdirjekdigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri goldawy, maslahatlarydyr teklipleri üçin minnetdarlyk bildirip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna başlamak bilen, 2025-nji ýylda Gazagystan bilen sebit hem-de halkara derejede hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki düýpli işlere bil baglaýandygyny aýtdy.
Söhbetdeşler türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtap, energetika, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi barada-da pikir alyşdylar.
Şu maksat bilen, iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda tiz wagtda geňeşmeleri geçirmegiň möhümdigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtlarda şeýle geňeşmeleri Astanada guramak hem-de bu meseläniň gazak tarapy bilen ylalaşylan ýagdaýynda, iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyny Gazagystanyň paýtagtyna ibermek baradaky teklip beýan edildi.