Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Gruziýa bilen gatnaşyklary berkitmegi maksat edinýär

Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Gruziýa bilen gatnaşyklary berkitmegi maksat edinýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mihail Kawelaşwilä Gruziýanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris hem-de onuň Türkmenistan bilen Gruziýanyň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýarys” diýip, döwlet Baştutany 24-nji ýanwarda habar beriş serişdelerinde çap edilen hatynda belleýär.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedow Prezident Mihail Kawelaşwilä tüýs ýürekden berk jan saglyk, Gruziýanyň dostlukly halkynyň mundan beýläk-de öňe gitmegine, gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993