“Türkmengaz” DK we “BOTAŞ” gaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

“Türkmengaz” DK we “BOTAŞ” gaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

“Türkmengaz” döwlet konserninde geçen hepde konserniň ýolbaşçylarynyň “BOTAŞ” türk kompaniýasynyň baş direktory Abdulwahit Fidanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar özara hormat, ynanyşmak we özara bähbitli ýörelgeler esasynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini mälim etdiler. Muny duşuşygyň gün tertibiniň çäklerinde ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk meseleleriniň we onuň geljekde ösdürilmeginiň ara alnyp maslahatlaşylmagy hem tassyklady.

Duşuşykda iki ýurduň nebitgaz senagaty ugrundaky gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedigine aýratyn üns berildi. 2024-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýä amala aşyran saparynyň çäklerinde uglewodorod serişdeleri babatynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ähtnama we "Türkmengaz" döwlet konserni bilen Türkiýäniň Energetika we tebigy baýlyklar ministrliginiň arasynda tebigy gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek barada Ylalaşyk baglaşyldy. Bu resminamalar bilelikdäki başlangyçlary öňe sürmek üçin möhüm şertnama-hukuk binýadyny döretdi.

Türk wekiliýetiniň agzalarynyň bellemegine görä, Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi Türkiýede uly hormat bilen garşylanýar. Şeýle hem olar Türkmenistanda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemegi üçin ygtybarly kanunçylyk binýadynyň döredilendigini nygtadylar.

Myhmanlar Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygyna özara gatnaşyklary ösdürmäge döwlet derejesinde üns berýändikleri üçin hoşallyk bildirdiler. Türk tarapy bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde we hyzmatdaşlygy has-da berkitmekde döredilen mümkinçiliklerden işjeň peýdalanmaga taýýardygyny mälim etdi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993